Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalarynyň giňden ýaýbaňlanýan wagtynda täze maglumatlary gözlemek, tapmak, pikiriňi paýlaşmak, habarlaşmak, iş salyşmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täsin dünýäleri açmak, täze gözýetimlere aralaşmak üçin internet aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň dürli dillerinde berilýän maglumatlaryň arasyndan özüňe geregiňi saýlap almak, ilkinji nobatda, okyjylaryň özüne bagly. Şeýle bolansoň bir mesele hakda gürrüň gozgalanda, «Internetde şeýle diýilýär», «Internetde şunuň ýaly ýazylgy eken» diýip, oňa salgylanýan wagtymyz az bolmaýar. Pikirler bitewüleşýär, garaýyşlar umumylaşýar. Munuň üçin maglumatlary ýetiriji ýa-da öwreniji bolsun tapawudy ýok — ilki bilen öz milli diliňi we daşary ýurt dillerini bilmek ussatlygy adamy kämillige ýetirýän ilkinji alamatlaryň biridir.
Häzirki wagtda dünýädäki ähli meseleler tehnologiýalaryň, şol sanda internetiň we diliň üsti bilen çözülýär. Şu ýerde ýönekeý mysala ýüzlensek: kimdir biriniň öz ene dili bilen başga ýene bir daşary ýurt dilini ussatlarça bilen ýagdaýynda terjime etmek wezipesini ýerine ýetirjekdigi äşgär hakykat. Gol gowşuryp oturman, nämedir bir zatlara dümtünmek sowatly adamlaryň tebigatyna mahsus. Biz muňa gündelik durmuşymyzda şaýat bolýarys. Diliň kömegi bilen bolsa internet sahypalary bilen tanşyp, öwrenip, dünýäni açmak mümkinçiligine eýe bolýarys. Köp dil bilip, öz dilini hem ýitirmän saklamak bolsa, ilki bilen, žurnalistleriň baş wezipeleridir. Ýurduň, döwrüň wagyzçylary, ilkinji nobatda, arassa dillerinde, ýagny edebi dilde geplemeklige ýykgyn etmeli.
Islendik bir zady ses, owaz arkaly beýan etmegiň ýeke-täk serişdesi dil hasap edilýär. Dil milletiň, milliligiň baş ölçegi. Halklary, milletleri egin-eşik, däp-dessur, ýüz keşbi, beden gurluşy taýdan hem tapawutlandyryp bolar, emma esasy aýratynlyk olaryň milli dili bilen kesgitlenilýär. Diliň ýok ýerinde millilik diýen düşünje-de ýitip gitmek bilen bolýar. Hatda medeniýet, aň-düşünje ýaly adamzat ösüşiniň aýratyn bir ölçegine öwrülen gymmatlyklar hem köplenç halatda şol dilde döredilen eserler bilen kesgitlenilýär.
Göwher MÄTÝAKUBOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler