Rahymberdi Kerimow «Telekeçilikde strategiki pikirleniş» temasynda trening geçirdi.

TSTP-nyň «Ýaş Telekeçiler merkezi» hepdäniň dynç günleri ýaşlary telekeçige çekmek barada trening duşuşyklary geçirýär.

Merkeziň baş utgaşdyryjysy, telekeçi, lukman Rahymberdi Kerimow, bu hepde « Strategiýa , strategiki pikirlenmek we strategiki meyilleşdirmek esasynda ulgamy seljermek we dolandyrmak» temasy boýunça amaly duşuşyk geçirildi. Rahymberdi Kerimow bu duşukyda ýaşlar bilen özüniň birnäçe tejribesini paýlaşdy we özüniň telekeçilik baradaky maslahatlary bilen çykyş etdi.

Bu duşuşyklar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary sowatly, bilimli ýetişdirmek barada jemgyýetçilik we syýasy guramalaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok