Hökümetler 2030-njy ýyla çenli gazylyp alynýan ýangyç önümçiligini iki esse köpeltmegi meýilleşdirýärler

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) hökümetleriň 2030-njy ýyla çenli gazylyp alynýan ýangyç öndürmek meýilnamalarynyň howanyň üýtgemegine garşy meýilnamalara laýyk gelmeýändigini habar berdi.

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) hökümetleriň 2030-njy ýyla çenli has köp gazylyp alynýan ýangyç öndürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Köp ýurtlarda uly nol uglerodly maksatnamalara garamazdan, iň uly nebit we gaz öndürijiler önümçiligiň derejesini peseltmegi meýilleşdirmeýärler. Munuň tersine, gazyň öndürilişi iki esse artar, nebit çykarylyşy 10 göterim töweregi kömür önümçiligi 10-15 göterim azalmagy meýilleşdirilýär. Bu esasanam 2035-nji ýyldan soň göz öňünde tutulýar.

“UNEP” bu maglumatlary hökümet meýilnamalaryndan, infrastruktura maýa goýumlaryndan we energiýa önümçiliginiň çaklamalaryndan düzdi. “UNEP”-iň maglumatlaryna görä, 2040-njy ýyla çenli hökümetler 1,5° C ýylylyk maksadyna ýetmek üçin kömüriň takmynan bäş essesini, nebitiň üç essesini, nebit we tebigy gazyň iki ýarym essesini öndürmeli bolarlar.

Wahyt ÇOPANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok