Gar tozgajygy hakynda …

Ähli pasyllaryň özüne mahsus gözellikleriniň bolşy ýaly, gyş paslynyň hem özboluşly ajaýyplyklary bar. Elbetde, gyşyň esasy bezegi gar bolsa gerek. Dünýämizi aklyga büreýän gar tozgajyklary hakyndaky gyzykly maglumatlar her birimiz üçin täsirli bolsa gerek.

  • Gar tozgajyklary gurluşy boýunça 5-6 granly, iňňe şekilli, übtük şekilli bolup bilýär. Bu ýagdaý howanyň temperaturasyna, basyşa, çyglylyga, bulutlaryň ýerleşiş derejesine görä üýtgeýär. Howanyň temperaturasy -5-10ºC aşaklanda gar tozgajyklary iňňe şekilli, -10-12ºC derejede übtük şekillidir. Olaryň arasynda iň owadany 6 granly ýyldyz şekilli gar tozgajygy bolup, ol has sowuk -12-18ºC derejede ýagýar.
  • Gar tozgajyklary ýerden bugaryp, ýokary galan suw bölejikleridir. Olar sowuklygy -40ºC deň bolan, bulutlara ýetenlerinde doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýärler we howanyň temperaturasynyň peselmegi netijesinde asmandan aşak gaçýarlar.
  • Maglumatlara görä, köp adamlar gar diňe ak reňkde diýip hasap edýärler. Garyň reňki ýerden bugaryp ýokary galýan suwuň düzümindäki mikroorganizmlere baglydyr.
  • Gar tozgajygynyň emele gelmegi üçin bir million golaý ownujak damjalar gerek. Taryhy maglumatlara görä, irki döwürlerde gyzyl, ýaşyl, gök reňklerde hem ýagypdyr.
  • Gar öz düzümi boýunça mineraldyr. Ýekeje gar tozgasynyň agramy ortaça 1milligram bolup, iň uly göwrümlisi 2-3 milligrama çenli ýetýär.
  • Gar ýaganda ortaça 5 kilometr tizlik bilen ýere gaçýar.
  • Mälim bolşy ýaly, gar ýagan ýeriň üstünden basylanda gyjyrdap ses edýär. Onuň sebäbi hem millionlarça gar tozgajyklaryň döwülmeginden döreýän sesdir.
  • Gar tozgajyklary ululygy boýunça hem dürlüçe bolýar. 1887-nji ýylda ABŞ-nyň Montana şäherinde ýagan gar tozgasynyň ululygy 38 sm bolup, ol iň uly gar tozgasy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Guwanç BAÝMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok