«Nusga» haryt nyşanly ýerli ruçkalaryň tanyşdyryş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary institutynda TSTP-nyň guramagynda ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygy «Ýaş telekeçiler merkeziniň» utgaşdyryjysy Rahymberdi Kerimow açdy. R. Kerimow «diplomatiýa we telekeçilik» baradaky düşünjäni mysallar arkaly gürrüň berdi.


Soňra bolsa söz nobaty «Gündogar şöhlesi» HJ-nyň esaslandyryjysy ýaş telekeçi Kakaly Geldiýewe berildi. K. Geldiýew öz alyp barýan telekeçilik işleri barada gürrüň berdi. 


Oba-hojalygy pudagynda künji ýetişdirmek we ýagyny işläp taýýarlamak boýunça öz gazanan tejribesini prezentasiýa arkaly görkezdi.
Häzirki wagtda onuň esasy alyp barýan telekeçiligi ýerli ruçka önümçiligi.


 «Nusga» ( @nusga.biz ) brendi bilen bazara giren bu ýerli haryt uly islegden peýdalanmaga başlady. Ýakynda bolsa Russiýa döwletinden sargyt kabul etdi.


«Nusga» şarikli ruçkalarynyň tutuş sebitdäki ýurtlara eksport etmäge taýýarlyk görýär. Munuň üçin ähli bazar şertleri bar.
Duşuşygyň ahyrynda sorag-jogap alyşyldy.

Merdan Ataýew

TSTP Aşgabat şäher komiteti

merdan [dot] tstp [at] gmail [dot] com

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok