Aşgabat bilen Kerki aralygynda kadaly howa gatnawy ýola goýular

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Aşgabat bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň arasynda kadaly howa gatnawy açylar.

Ýagny, “Aşgabat – Kerki – Aşgabat” ugury boýunça 313-314 belgili uçuşlar Boeing-737-700 uçarlarynda hepdäniň duşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar.

Uçuş ýerli wagt bilen sagat 10.00-a, gaýdyş ugra bolsa – 12.00-a ýerine ýetiriler.

Şeýle-de hepdäniň çarşenbe günlerinde şol bir kysymly uçar Daşoguzdan Kerki halkara howa menziline kadaly gatnawa başlar. Uçuş wagty Daşoguzdan 13.00, Kerki howa menzilinden bolsa – 15.00.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok