Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Onuň esasy maksady bolsa Halkara maglumat giňişliginde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmeklikden ybaratdyr.
Halkara habarlar merkezi – Türkmenistandaky bolup geçýän wakalary we habarlary dünýä ýüzündäki tomaşaçylar bilen tanyşdyrmak şeýle hem, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde beýan etmek onuň esasy wezipelerinden biri bolmagy göz öňünde tutulýar.
24-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň çykyş eden hasabatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen maglumat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek üçin dürli ýurtlaryň daşary syýasy edaralary we habar beriş ulgamynda işleýän ýöriteleşdirilen düzümleri bilen degişli işler geçirilýär.
Döwran Ataýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler