Türkmenistan Özbegistan bilen özara söwda dolanşygy boýunça esasy ýurtlaryň onlugynda

Türkmenistan öz goňşy ýurduna ýagny, Özbegistana haryt ugratmak boýunça esasy ýurtlarynyň onluk sanawyna girýär. Bu baradaky hasabaty Özbegistan Respublikasynyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň metbugat gullugy 2021-nji ýylyň dekabyrynda çap etdi.

Maglumatlara görä, Özbegistan 2021-nji ýylda 10 aýyň dowamynda Türkmenistandan 35,6 müň tonna sement satyn aldy. Şeýle-de Özbegistan Türkmenistandan awtomobil ýangyjyny öz ýurduna eksport edýär, bu bolsa iki goňşy döwletleriň daşary söwda dolanşygynda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan Özbegistana haryt eksporty boýunça beýleki ýurtlaryň hatarynda 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ABŞ-yň 404,1 million dollar görkezijisi bilen Russiýadan, Hytaýdan, Gazagystandan, Koreýadan, Türkiýeden we Germaniýadan soň ýedinji orny eýeleýär.

Öräýewa Merjen,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok