Antarktidada buzuň astyndan jandarlaryň 77 görnüşi tapyldy

Antraktidanyň uly bölegini öz içine alýan buz örtükleriniň astyndan jandarlaryň 77 görnüşi tapyldy. Alymlar bu jandarlaryň buz örtükleriniň 200 metr çuňlugynda jandarlaryň täze görnüşleriniň üssüni açylandygyny habar berýärler. Olaryň köpüsi bolsa gurçuklardan ybaratdyr.

Sebitdäki öli we janly görnüşleriň nusgalaryny ýygnamagy başaran gözlegçiler, “radio uglerod analiz” wagt kesgitlemek usulyny ulanyp, bu jandarlaryň takmynan 6 müň ýyl bäri bar diýen netijä geldiler. Bu gözleg işleri Germaniýadaky Alfred Wegener instituty tarapyndan geçirilip, gözlegiň netijeleri “Current Biology” žurnalynda çap edildi.

Aşyrow Arazmuhammet

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok