Radio haçan we kim tarapyndan oýlanyp tapyldy?

Telewizor ýaly durmuşymyzda henizem ýer tapýan oýlap tapyşlaryň biri radiodyr. Awtoulaglarda seýrek diňlenilýän bu aragatnaşyk guraly häzirki wagtda üýtgedilen görnüşde ulanylýar. Geliň, radio barada käbir gyzykly maglumatlary öwreneliň!

Radio elektromagnit tolkunlaryny sese öwürýän, döwrüniň iň möhüm oýlap tapyşlarynyň biridir. Hatda adamlara telewizordan öň habar almaga mümkinçilik berýän gural diýsek hem ýalňyşmarys. Radio Guglielmo Markoni diýilýän italýan adam tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.

Radiolaryň dürli görnüşleri dürli ýyllarda halkyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, senagat önümçiliginde, kärhanalarda, oba hojalygynda, ýük daşamakda we daşary ýurt aragatnaşyklarynda ulanylypdyr. Möhüm açyşlar bilen işlenip düzülen bu guralyň her bir oýlap tapyjysy, oňa möhüm aýratynlyk goşupdyr. Şonuň üçin bu gural häzirki wagtda hem möhüm gural hökmünde ulanylmagyny dowam etdirýär.

Radio, elektromagnit radio tolkunlaryny sese öwürýän elektron enjamdyr. Radionyň oýlap tapyşynda täsirli adamlar köp bolsa-da, Markoni ilki bilen radiony adamlaryň durmuşyna tanatdy. Şonda Edisonyň radio ulgamynyň aýrylmaz elementlerinden biri bolan diodyň tapylmagy, bu adyň radio oýlap tapyşynda agzalmagyna sebäp bolýar. 1921-nji ýylda ABŞ-da ilkinji radio ýaýlymlary başlansoň, dünýäniň köp ýurtlary radio ýaýlymlaryny berip başladylar. Radiondan ses çykarmak üçin antenna, geçiriji we sesi ýaýratmak üçin serişde gerek bolup durýar.

Şähribossan AKMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok