Sanly bilim – kämillige badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim-ylym ulgamy ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede gurnamak, oňa innowasion kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli aýratynlyklary göz öňüne tutmak bilen ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda uly işler alnyp barylýar.

 Şu ugurlardan bat alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tapgyrlary durmuşa geçirilýär. Tassyklan “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy” muňa mysaldyr. Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda hem uly orny eýeleýär.

Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle hem bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp başarmaklarynyň wajyplygyny tassyklaýar. Diýarymyzyň bilim ojaklarynda ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygyny yzygiderli kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Sanly bilimi durmuşa ornaşdyrmagyň ilkinji tapgyrlarynyň astynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan tor programma üpjünçiligi, şeýle hem sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy.

Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bilim ojaklarynda ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy beýleki ýokary okuw mekdepleri we şol sanda hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan sapaklary, wideoşekilli maslahatlary geçirmeklige uly ýardam edýär. Halkara hyzmatdaşlygy işjeňlendirmekde alnyp barylýan bilim-ylym, sport, medeni köpçülik işleri ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmelerini şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak maksadalaýykdyr.

Biziň  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda hem sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Portal arkaly mugallymlar öz sapak ýazgylaryny, gönükmeleri, görkezme esbaplary, testleri, ýumuşlary, talyplaryň özbaşdak işlerini ýerleşdirip, bilim almakda wagty tygşytlamaga, uzak aralykdan bilim bermäge mümkinçilik gazanýarlar.

.

Nurgözel AMANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok