Dil konsepsiýasy-kämil nesile badalga

Garaşsyz, hemişelik bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly ylym-bilim ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüjilik ruhundaky, intellektual derejesi ösen, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bugünki gün döwletimiziň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazarlardan ugur alyp ýurdumyzda kabul edilýän bilim- ylym babatdaky Kanunlar, kararlar, maksatnamalar, şolaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkitýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek, kämil bilmek, ýurdumyzyň kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe örän uly ähmiýete eýedir. Ol diňe birek-birege düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň, daşary döwletler bilen dostlukly, bilim-ylym, ykdysady, syýasy, medeni aragatnaşyklary berkitmegiň özeni bolup durýar.

Her bir döwletiň geçmişi taryhyna, medeni we ruhy mirasyna ser salsak dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, wajyplygy hakynda anyk göz ýetirmek bolýar. “Köp dil bilen köp biler”, “Adamyň akyllysy dil öwrener”, “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni açar” ýaly gadymdan aýdylan paýhasly sözler dil öwrenmegiň möhümdigini subut edýär.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe dilleri kämil öwrenmäge we öwretmäge giň mümkinçilikler döredildi. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrdynda kabul eden karary hut şu zerurlykdan ugur aldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň astynda bu ugurda halkara tejribesini ulanmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň kämilligini gazanmak, okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksizligi, yzygiderli özara baglanyşykly ulgamyny döretmek, bäsleşige ukyply mugallymlaryň täze neslini ýetişdirmek, innowassion usullary giňden peýdalanmak ýaly wezipeler göz öňüne tutulýar.

Konsepsiýanyň kabul edilmegi bilen biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda hem daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlar öz işlerini täzeçe gurnap başladylar. Institutymyzda okadylýan iňlis, nemes, fransuz, ispan, italiýan, arap, pars, türk, hindi, türkmen, koreý, hytaý, ýapon dillerini hünäre gönükdirip okatmakda mugallymlar uly tejribe toplaýarlar. Dil öwrenmekde we öwretmekde talyplar we mugallymlar portalyň hyzmatynda giňden peýdalanýarlar. Mugallymlar özleriniň sapak ýazgylaryny, dürli gyzykly gönükmeleri, testleri, gyzyklandyryjy soraglary, öz hünär dillerine degişli ýurtlaryň medeniýeti, edebiýaty, syýasaty we ykdysadyýeti bilen baglanyşykly suratlary, dürli ýumuşlary taýýarlap, olary öz sahypalarynda ýerleşdirip, talyplarda uly gyzyklanma döredýärler. Talyplar mugallymlaryň sahypasyna girip, gönükmeleri, testleri we ýumuşlary çözmäge, pikir alyşmaga mümkinçilik alýarlar.

Portal arkaly mugallym bilen talybyň hyzmatdaşlygy ilki bilen wagty tygşytlamaga, her bir talyp bilen anyk işlemäge, daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly ulgamyň syrlaryna içgin aralaşmak mümkinçiligini döredýär.

Biziň institutymyzyň daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlary ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen hem öz tejiribelerini paýlaşýarlar. Muňa mysal edip onlaýn sapaklary, institutlaryň arasynda gurnalýan teleköpri sapaklary, okuw-usulyýet sapaklarynyň geçirimegi mysal bolup biler.

Institutymyzyň mugallymlarynyň alyp barýan işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary ýurt dilini kämil bilýän, bäsleşige ukyply,watansöýüji hünarmenleri  kemala getirmeklerine ýardam eder diýmäge doly ynam döredýär.

.

 Gülälek Baýramowa

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok