Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda ýokary netije görkezdiler

Mariý El Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Ýoşkar-Ola şäheriniň Wolga ýakasy döwlet tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan guralan açyk Halkara talyp internet-olimpiadasynyň Rus dili boýunça bäsleşikde, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary ýokary netije görkezdiler.

Bäsleşikde birinji oruny we altyn medaly Sabina Gamzatowa,  Ikinji orna we kümüş medala Maýa Annaberdiýewa, üçünji orna hem-de bürünç medala Mariýa Hanowa mynasyp boldylar we degişli sylaglar bilen sylaglandylar.

Bu bäsleşige, ýagny rus dili boýunça 91 ýokary mekdebinden ýarym müňden gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşýanlara köplenç grammatika, söz düzümi we dürs ýazuw boýunça ýumuşlar tabşyryldy.

Ýazgeldiýew Ahmet

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok