“Toyota” Ýaponiýadaky önümçiligini wagtlaýyn togtatýar

Häzirki wagtda dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar, awtoulag pudagyna özüniň ýaramaz täsirini ýetirýänligi sebäpli, “Toyota Motor” özüniň Ýaponiýadaky 5 sany sehiň önümçiligini togtadar. “Toyota” -yň beren beýanyna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Takaoka, Yoshoşiwara, Inabe, Fujimatsu we Nagakusa zawodlarynda jemi 7 ätiýaçlyk şaý-seplerinidäki önümçilik desgasyny wagtlaýyn togtadylar.

Toyota – 1937-nji ýylda esaslandyrylyp, ol ilki başda tekstil işleri bilen meşgullanan kompaniýadyr. Tekstil işlerinden awtoulag önümçilik işlerine üýtgeden bu kompaniýanyň häzirki wagtda 67 sany önümçilik desgasy, 20 sany dizaýn we bejeriş desgasy şeýle-hem dünýä ýüzünde 370 müň işgäri bardyr.

Meredow Muhammetmeýlis

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok