Halkyň Arkadagly zamanasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde  ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar.

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçip barýan ýylda milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda guwandyryjy işler amala aşyryldy.

Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Berkarar Watanymyzda ýetilýän sepgitler, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr.

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Maslahatda öňe sürlen teklipler boýunça pikir alyşmalar guraldy. Şeýlelikde, halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutuldy. Uly rowaçlyklara beslenip gelýän täze — 2022-nji ýylyň şygarynyň merdana halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy çykyş edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň, Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň, welaýatlaryň, etrap birleşmeleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatlarda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň bagtyýar ilatynyň, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenleriň täze ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmagy teklip edendiklerini aýtdy. Bu şygar bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Şeýlelikde, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy.

Türkmenistanyň möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen netijeli teklipleriniň abraýly halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldanylmagy diýarymyzyň we Arkadag Prezidentimiziň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýär.

Bu gün ýurdumyzyň ilaty milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we öňde durýan beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär. Munuň özi watandaşlarymyzyň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.

Guwanç ANNASAPAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary
we programmirleme fakultetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok