Alymlar Antarktida buzluklarynyň aşagyndan täze ýaşaýşy tapdylar

Germaniýadaky Alfred Wegener instituty tarapyndan geçirilen täze gözleg materigiň buz bilen örtülen ýerinde ýaşaýşyň täze alamatlaryny ýüze çykardy. Tutuşlygyna diýen ýaly doňan materigiň kiçijik bir böleginde geçirilen gözleglerde bu ýeriniň buzlugyna garamazdan täze ýaşaýyş alamatlary tapyldy.

“Current Biology” žurnalynda çap edilen gözlegde, Alfred Wegener institutynyň, Germaniýanyň Helmholtz polýar we deňiz barlaglary merkeziniň alymlary gyzgyn suwdan peýdalanyp, materigiň buz bilen örtülen gatlagynda iki sany deşik burawladylar. Burawlanyp açylan deşigiň 200 metr çuňlugynda, 77-den gowrak görnüşi öz içine alýan janly organizm görnüşiniň tapylandygy habar berilýär. Ýüze çykarylan görnüşleriň käbiriniň ozal tapylandygy, köpüsiniň bolsa ilkinji gezek tapylandygy habar berilýär.

Gözlegiň esasy awtory Deýwid Barnes metbugat üçin beren beýanatynda “Bu agyr şertlerde ýaşaýan köp jandaryň tapylmagy düýbünden garaşylmadyk bir zat. Bu bolsa Antarktidanyň deňiz durmuşynyň nähili üýtgeşik we täsindigini bize aýan edýär” – diýip, belledi.

Ýazgül ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok