TTweII dünýä reýtingine girdi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek «UI Green Metric World University Ranking 2021» dünýä derejesindäki reýtinge girmegi başardy.

Soňra bu ýokary okuw jaýy ýene iki reýting derejesini alyp ol dünýädaki öz mynasyp ornuny kesgitledi. «AD Scientific Index» – Aziýanyň ylmy edaralarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyna ýokary baha berdi. «World University Rankings»- dünýädäki ýokary mekdepleriň dünýä reýtingindäki abraýly ornuny kesgitledi.

«UI Green Metric World University Ranking»  – 2010-njy ýylda Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan düzülip, uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany gowulandyrmaga we daşky gurşawy goramak pudagynda durnukly ösüşe ýardam etmäge sadyklygyny ölçeýän ýyllyk global reýtingidir. Ilkinji reýtinge dünýä ýüzünden 96 ýokary okuw jaýy gatnaşdy we häzirki wagta çenli bolsa bul bilim edaralarynyň sany barha artýar.

Çaryýewa Orazjemal

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti”

kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok