Dost-doganlyk ýollary

“Häzirki döwürde ulag-demir ýol we deňiz gatnaşyklaryny peýdalanmak arkaly “Demirgazyk -Günorta”, “Gündogar Günbatar” ugurlary boýunça ulag ulgamynyň ösdürilmeginiň geljegi uly hasaplanylýar. Munuň özi Ýuwaş ummanyndan başlap, Baltika deňzine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli bolan örän uly giňişlikleri baglanyşdyrar”

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ulag ulgamy umuman bu pudak öz gezeginde 3 topara bölýärler, ýagny gury ýer ulaglary, suw ulaglary, we howa ulaglary bolup durýar. Gury ýer ulaglary hem öz gezeginde awtomobil ýollary, demir ýollary, hem-de geçirijiler bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamlaryň ählisi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, dünýä arenasyna çykmaklykda esasy şertleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň demir ýol ulgamy Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan bolsa Günorta tarap bagtyýarlyga barýan ak ýollar bilen barha uzaýar. Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň diňe bir sebitde däl, eýsem dünýä derejesinde hem sazlaşykly we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine badalga berjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Bu demir ýolunyň gurluşygyna  2007-nji ýylyň  1-nji dekabrynda badalga berildi. Gysga wagtyň içinde has takygy 2013-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu täze demir ýol  şahasy Russiýanyň we Gazagystanyň üstünden Pars aýlagyna ýükleri daşamagyň ýoluny 700 kilometr gysgaldar. Şoňa görä-de  bu taslama diňe bir oňa gatnaşýan döwletler üçin däl, eýsem tranzasiýa demir ýol ulgamynyň  üstünden ýükleri  daşalýan ähli döwletler üçin bähbitlidir.                                

Milli Lidermiziň şu möhüm halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambileýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde öňe sürüpdi. Bu mejlislerde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky Ýörite maksatnamasyny döretmek meseleleri barada aýdyldy. Bu maksatnamada Hazar deňziniň Gara deňziň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.

2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Owganystanyň Täjigistanyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçiren üçtaraplaýyn duşuşygynda “Türkmenistanyň-Owganystan-Täjigistan”  demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol  çekildi.  Iýun aýynyň 5-ne bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasyny Prezidenti Hamit Karzaýyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmanyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan”  demir ýolunyň “Atamyrat Ymamnazar-Akina” böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu demir ýol diňe üç tarapy-üç döwleti däl, eýsem Orta Aziýa, Ýakyn Gündogar, Kawkaz, Ýewropa sebitlerinden geçýän ulag aragatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşmegine esasanda ýurdumyzyň halkara arenasyna çykmagynda  hem uly itergi berer. Üç döwlet bilen birlikde şeýle taslama badalga berilmegi mundan buýana hem dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk, medeni ykdysady gatnaşyklarymyzyň pugtalanjakdygynyň bir kepilidir.       

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy, ulag aragatnaşyk ulgamy ýaly möhüm we barha uly geljegi bolan ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.

.

Dawut BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok