Alymlar: “Syr saklamak beýnini ýadadýar”

ABŞ-da adamlaryň saklaýan syrlary we olaryň täsiri barada täze gözleg çap edildi. Kolumbiýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegde adamlaryň 97 göteriminiň ömrüniň her pursatynda iň bolmanda bir syry saklaýandygy mälim edildi. Gözlegiň hasabatynda adamyň ortaça 13 syrynyň bardygyny we ömrüniň her pursatynda iň bolmanda bir syry saklaýandygy aýdyldy.

Gözlegde, saklanylýan syrlaryň köplenç ileri tutmalar, hyjuw derejesindäki islegler we gatnaşyklar, aldaw we başgalaryň ynamyna biwepalyk etmek bilen baglanyşyklydygy nygtaldy.

Geçirilen gözleg, syrlary saklamagyň adamlaryň keýpine we durmuş derejesine edýän täsirini gözden geçiren hem bolsa, iň uly kynçylygyň öwrenilen syry gizlemek synanyşygydygyna ünsi çekdi. Gizlin syrlary saklamagyň adamyň beýnisini ýadadýandygy bellenilip geçildi.

Gözlegde, syry başga birine paýlaşmagyň keýpiňi gowşadýandygy we hiç hili kynçylyk döretmeýändigi, ýalňyz pursatlarda pikirlenmegiň öňüni alýandygy we bu ýagdaýyň durmuş derejesini ýokarlandyrýandygy aýdyldy.

Şohnoza ERMETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok