Islendik bir kärhanada ykdysadyýetçi iň bir möhüm hünärmenleriň biridir. Hiç bir kärhana öz işini biznes-meýilnamasyz amala aşyryp bilmeýär. Hut ykdysadyýetçi hünärmen hem, kärhananyň ähli işgärleriniň bilelikdäki tagallalarynyň, hereketleriniň ugrukdyryjysydyr. Mümkinçilikleri we maksatlary dogry ýola goýup, iň az harajatlaryň ulanmagyň esasynda iň ýokary peýda gazanmak ykdysadyýetçiniň esasy wezipesidir.
Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar: Asyl ykdysadyýetçi kim?
Köplenç iş berijiler ykdysadyýetçiniň borçlaryny buhgalter, maliýe direktory, umuman maliýe ugrundaky başga hünärler bilen çalyşýarlar. Ykdysadyýetçi — bu kärhanananyň işini tutuşlygyna analizleýän we geljekki döwür üçin meýilnama we strategiýa işläp taýýarlaýan hünärmen. Aslynda, ykdysadyýetçi hünärmenlerini birnäçe toparlara bölýärler. Maliýe-ykdysadyýetçi – kärhananyň ähli maliýe işleri bilen meşgullanýar.
• buhgalter-ykdysadyýetçi – işiň maliýe-hojalyk işini analizleýär, şeýle hem kärhanada buhgalter hasabatyny, pul serişdeleriniň we haryt dolanşygynyň hasabatyny ýöredýär.
• derňew geçiriji-ykdysadyýetçi – kärhana üçin zerur bolan ykdysady maglumatlary toplamak we seljermek bilen meşgullanýar.
• zähmet boýunça ykdysadyýetçi – kärhananyň zähmet haky bilen baglanşykly ähli işleri ýerine ýetirýär. Zähmet bazarynda iň bir islegli kärleriň biri-de ykdysadyýetçidir. Ýöne ykysadyýetçi işinde maliýe çäginiň baglanyşykly ugurlarynyň bilimlerini bilelikde ulanmaly bolýarlar. Şonuň üçin olar baglanyşdyrýan ugurlaryny has içgin öwrenip, bilelikde üstünlikli alyp barmagy başarmalydyr.
Ussat ykdysadyýetçi bolmak üçin her bir hünärmen haýsy professional endikleri eýe bolmaly?
• statistikany, syýasaty, demografiýany, ykdysady teoriýanyň esaslaryny düýpli öwrenmeli;
• ykdysady prossesiň strukturalaryna düşünip, olaryň döwlete we aýratyn kärhanalaryň işine edýän täsirini öwrenmeli;
• analitik pikirlenmäge ukyply bolmaly;
• matematikadan oňat baş çykaryp bilmeli
• logiki yzygiderliligi saklamagy başarmaly
• kompýuterden oňat baş çykarmaly
Ykdysadyýetçä ünsli bolmak zerurdyr, zähmetsöýerlik we öwrenmäge güýçli isleg bolmaly. Ykdysadyýet çalt ösýän ylyma degişli ylymdyr. Şonuň üçin, ykdysadyýetçi ähli bolup geçýän wakalardan baş çykarmalydyr. Halkara derejesindäki ykdysady hünärmen bolmak üçin daşary ýurt dillerini bilmek, alçaklyk we adamlar bilen ylalaşykly gatnaşmak zerurdyr.
Ykdysadyýet bilen syýasat özara berk baglanyşyklydyr. Bu baglanyşykda kesgitleýji orny ykdysadyýet eýeleýär. Ol syýasatyň esasyny düzýär. Syýasatyň düzümi, ol ýa-da beýleki syýasy çözgütler we hereketler ahyrky netijede adamlaryň ykdysady bähbitleri bilen kesgitlenýär. Her bir syýasatyň hereket etmegi ykdysady kanunlaryň oýlanyşykly ulanylmagy bilen şertlendirilýär. Bu syýasat bilen ykdysadyýetiň baglanyşygynyň köptarapynyň köpugurlylygynyň diňe bir tarapydyr.
.
Babajan HEMRAÝEW,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniňII ýyl talyby.
Teswirler