Deňiz çägesi geljekde batareýalaryň ömrüni uzaldar

“Scientific Reports”-da çap edilen gözlegiň netijesine görä, kenar çägesi litiý-ion batareýalarynyň ömrüni üç esse artdyryp biler.

Bu täze gözleg barada alym Zakary Fawors: “Ýokary öndürijilikli litiý-ion batareýasyny täze usul arkaly öndürmek we olaryň ömrüni uzaltmak hem arzan, zyýansyz, ekologiýa taýdan arassa bolup durýar.” diýip, belläp geçdi.

Gözlegi geçiren alym Zakary Fawors, deňiz kenaryndaky çägäniň esasy düzüminiň kwarsdan we kremniý dioksidinden ybaratdygyny gördi. Adatça, litiý-ion batareýalarynyň käbir ýerleri grafitden ýasalýar. Grafitden 10 esse köp energiýa saklap bilýän kremniý, grafitden soň ulanylyşy boýunça ikinji ýerde durýar. Ýöne grafiti köp mukdarda öndürmek kyn bolup, ol tiz zaýalanýar. Ýöne gumdaky kremniý arzan we batareýalar üçin umumy çeşmesi bolup biler diýlip çaklanylýar.

ABŞ-nyň Tehas ştatynda has ýokary kwars mazmuny bolan çäge ýatagy tapylanyndan soň, bu çägeleri laboratoriýada gaýtadan işlediler. Arassalanan kwars bilen ýerdäki duzy we magniýni gowy görýär we emele gelen tozy gyzdyrýar. Bu örän ýönekeý prosesiň dowamynda duz ýylylyk geçiriji hökmünde hereket edýär, magniý bolsa kwarsdan kislorody siňdirýär we diňe arassa kremniý galdyrýar.

Gözlegçiler bu tehnologiýa üçin patent almak boýunça ýüz tutdular we şeýlelik bilen teňňe ölçegli litiý-ion batareýasyny öndürdiler.

Gadyr DERÝAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok