“Arşyň nepisligi – ýürekleriň joşguny”

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň muzeýinde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly haşam” fakultetiniň haly mugallymy Jeren Çaryýewa bilen bilelikde zenan mugallymlaryň hem-de talyp gelin-gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, maşgala mukaddesligini hem-de ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça “Arşyň nepisligi – ýürekleriň joşguny” atly haly sergisi we döredijilikli duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden joşup çykýan, nesil terbiýesini, ene-atany sylamak, maşgala bitewiligi dogrusynda paýhasly maslahatlaryny özünde jemleýän ajaýyp atalyk kitaplaryny okamaklygy, öz durmuş ýolunda görelde, nusgalyk mekdep hökmünde kabul etmekleri dogrusynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, mugallymlarynyň we talyp gelin-gyzlarynyň joşgunly çykyşlary täsirli boldy.

Öz käriniň ussady Jeren Çaryýewanyň we talyplarynyň döreden ajaýyp halylary we haly görnüşleri şu günki günde konserwatoriýamyzyň Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky muzeýimizi bezedi. Dabaraly maslahatymyzy “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby Güljemal Durdyýewanyň alyp barmagynda ilki bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Otuzowanyň “Sapakdan sungat-ýürekden gudrat” atly çykyşynda belläp geçişi ýaly halyçylyk türkmen halkynyň örän gadymy senetleriniň biridir. Irki döwürlerden bäri haly sungaty halkymyzyň ruhy we maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Türkmen gyz-gelinleriniň ajaýyp arzuwlary, mähiri, söýgisi, yhlasy siňen nepis halylarymyzyň şan-şöhraty bu gün äleme dolýar. Türkmen haly önümleriniň ajaýyp nusgalary dünýäniň ençeme ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergileriniň bezegidir. Has guwandyryjy ýeri, dünýäniň ähli künjeginde, islendik ýurdunda hem sergi guralsa, halkara ýarmarkalar geçirilse, türkmen halysy iň ýokary sylaga mynasyp bolýar. Dürli ýyllarda Parižde, Nýu-Ýorkda, Brýuselde, Leýpsigde geçirilen Bütindünýä sergi ýarmarkalarynda türkmen halylary altyn medallara, birinji derejeli diplomlara mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň milli guwanjy saýylýan türkmen halysynyň gymmaty öňküden-de artdy. Gudrat bilen dörän mukaddeslige öwrülen türkmen halysy öýleriň törüni bezäp, adamzadyň gözelligine teşne, kalbyna nur çaýýar.

Aýdym-sazly dabaramyzyň dowamynda “Fortepiano” hünäriniň II ýyl talyby Doýduk Öwezberdiýewanyň “Aýdym-sazda beýan tapan nusgalar” atly çykyşy “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlary we Jeren Çaryýewanyň “Gözelligiň nusgasy-Türkmen  haly sungaty” atly çykyşy, öz talyplary bilen geçiren ussatlyk sapagy, ýaş nakgaşçylaryň şol pursatda talyp deň-duşlarymyzy şekillendirmegi, ussat haly mugallymynyň talyplar üçin taýýarlan gyzykly soraglary tomaşaçylaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

.

Güljemal DURDYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.

Teswirler

Arslan

Gowy eken, bolup dursun şular ýaly duşuşyklar. HEMDEM Haly, hem uly minnetdarlyk bildirýär.