Alymlar elektrik öndürýän bakteriýalary tapmagyň aňsat usulyny tapdylar

Magdanlaryň çuňlugynda, kölleriň düýbünde we hatda adam organizmlerinde hem bakteriýalar pes kislorodly şertlerde ýaşamak üçin elektrik öndürýärler. Alymlar geljekde bu bakteriýalaryň  käbir pes elektrikli zatlary işletmek üçin ulanyp boljakdygyna ynanýarlar.

Elektrik öndürip bilýän bakteriýalaryň köp görnüşi bar. Emma bu bakteriýalary laboratoriýa gurşawynda ösdürmek kyn we juda gymmat bolup durýar. Şol sebäpli hem täze tehnologiýalary ýeterlik derejede tiz oýlap tapyp bolmaýar.

Alymlar tarapyndan işlenip düzülen täze usul, elektrik öndürýän bakteriýalary izolirlemegi we kesgitlemegi öňkülerinden has aňsatlaşdyrýar. Şeýlelik bilen, bu usul arkaly tehnologiki goşundylar üçin bakteriýalary has aňsat tapyp bolýar.

Elektrik öndürýän bakteriýalar öýjükleriniň içinde elektronlary emele getirýär we öýjük membranalarynda kiçijik kanallar arkaly öýjükde elektron geçiriş prosesini ulanyp elektrik öndürýärler.

Abdysapa ÖWEZLIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Sanly elektronika we
elektrotehnika kafedrasynyñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok