Nagyşlar neolit eýýamynda peýda bolupdyr we sazlaşykly tertipleşdirilenen element hökmünde dürli zatlary bezemek üçin ulanylypdyr. Bu nagyşlar halylarda, keçelerde, kilimlerde, keramiki we dokma önümlerinde, durmuş esbaplarynda we şaý-seplerde bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen nagyşlar binalary bezemek we golýazma kitaplary çeperçilik taýdan timarlamak üçin ulanylyp başlanypdyr. Gadymy döwürlerden bäri iki nagyş ulgamlary – geometrik we ösümlik nagyşlary bolupdyr.
Türkmen haly nagyşlarynyň müňýyllyk taryhy bar we suratlary şekillendirmegi boýunça bu nagyşlar gadymy oguzlaryň usullaryny gaýtalaýar. Türkmen halysynyň esasy nagşy geometrik sekizburçly şekil – göldür. Türkmen halylarynda basgançakly gümmezler, haçlar, egri çyzyklar, haýwanlaryň we ösümlikleriň stilleşdirilen şekilleri bar. Nagyşly haly belgileri örän simwolik bolup, belli bir filosofik manyny görkezýär.
Türkmen halylarynyň reňklerinde gyzyl reňk öwüşginleri agdyklyk edýär, ýurduň dürli künjeklerinde reňk öwüşginleri goýy gyrmyzydan mämişi reňke çenli üýtgeýär, olar haly suratynyň esasy reňkini düzýärler. Nagyşlaryň çyzyklary üçin goýy gök, ýaşyl, gara, we gülgüne reňkleri ulanylýar. Gadymy döwürlerden bäri ýüň ýüplüklerini boýamak üçin Türkmenistanda ösýän ösümliklerden alynýan tebigy boýaglar ulanylypdyr.
Şeýle hem nagyşlar golýazma kitaplary bezemek üçin giňden ulanylypdyr. Olar orta asyr golýazma kitaplarynyň derili gapaklary, frontispisleri, golýazmalaryň sahypalary, olaryň hoşiýa meýdanlary we eserleriniň soňlamalaryny bezemekde hem giňden ulanylýardy.

Orta asyrlarda dürli görnüşli ýazuw stilli differensiýasy golýazma kitaplaryndaky kalligrafiýa hat ýazuwy, şeýle hem binagärlik desgalaryndaky, çeperçilik senetçilik eserlerinde we durmuş esbaplarynda geometrik we ösümlik nagşy bilen utgaşdyrylýan bezeglik ýazgylar grafiki sungatyň esasy çygry boldy, onda nakgaş-nagyşçylaryň döredijilik arzuw-hyýallary jemlenendir. Olar dürli nagyşlary düzmegiň, dogry şekilleri we başga görnüşlerden utgaşmalary gurnamagyň usullaryny we tärlerini emele getirýärler. Bu taglymatyň kesgitli düzgün-kadalary alym matematikaçylaryň işlerinde halkynyň nesilden-nesle geçýän köp sanly çyzgylarda öz ylmy esasyny tapdy, nazary we tejribe taýdan işlenip taýýarlanyldy.
Ösümlik nagyşlarynyň çäkli sany bolupdyr, emma olaryň esasynda örän köp dürli motiwli nagyşlar döredilipdir, olara biz dürli önümlerde – halylarda, keçelerde, kilimlerde, keşdelerde, golýazma kitaplarynyň jiltlerinde we sahypalarynda, şeýle hem binagärlik bezeglerinde duşýarys.
Orta asyrlarda sahaplaýjy ussalaryň şekillendiriş serişdeleriniň orta asyr toplumynda dürli görnüşli geometrik we ösümlik nagyşlary, S-görnüşli şekilli böleklerden düzülen tolkunly zynjyrdan we göni çyzykdan germew çarçuwalary, feston görnüşli ýa-da ýylmanak sudurly uzaldylan pişme we badam görnüşli medalýonlar, naýza görnüşli ýaprakly rozetkalar we ýarym açylan gunçaly kartuşlar bar. Golýazma kagyz sahypalary, forzaslar, jiltleme derisi we ýüpek sapaklary gadymy usullar bilen alnan ösümlik boýaglary bilen reňklenipdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda däp bolan nagyş sungatyna gyzyklanma ýene-de artyp başlady. Ýaş suratkeşler türkmen haly nagyşlarynyň nusgawy bölekleriniň gadymy ýörelgelerini saklap galmaga esasy üns berýärler. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýan orta asyr halylary ylmy-barlag material hökmünde hyzmat edýär. Orta asyrdaky ýaly nagyş döretmegiň däpleri dikeldilýär we häzirki zaman çap edilýän kitaplaryň jiltlerini we sahypalaryny bezemek üçin ulanylýar.
.
Dünýä ATAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Taryhy medeni ýadygärlikleri rejelemek
we dikeltmek” hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler