Mugallymlar hem terbiýeçiler hakynda

Bilim reformasynyň üstünlikli dowam etdirilmeginde, adamzadyň, halklaryň hatyrasyna amala aşyrýan beýik maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmeginde mugallymlaryň döredijilikli zähmetiniň orny örän uludyr.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

* * *

Mugallym talybyň akylynyň sapagy özleşdirip biljek mukdaryna görä ders bermek bilen çäklenmelidir we onuň akylynyň çatmajak zatlaryny sapaga girizmekden saklanmalydyr.

Muhammet GAZALY.

* * *

Öwredip öwrenýäris.

SENEKA.

* * *

Terbiýe üç zada mätäç: zehine, ylma, türgenleşige.
Mugallymyň talapkärligi atanyň mährinden ýegdir.

Pars pähimi.

* * *

Mugallym üçin iň uly şatlyk öz okuwçysynyň öwülmegidir.

Şarlotta BRONTE.

* * *

Gaýtalamak bilimiň enesidir, ýöne döredijiligiň ganym duşmanydyr.

L.MARTYNOW.

* * *

Başgalara öwredeniňde has çalt hem gowy öwrenýärsiň.

Roza LÝUKSEMBURG.

* * *

Biz öwredýänlerimizden öwrenip bilýäris.

W. J. HELEMENDERIS.

* * *

Eger mugallym diňe öz kärini söýýän bolsa, gowy mugallym bolar.
Eger-de mugallym işini-de, okuwçylaryny-da söýýän bolsa, ol kämil mugallymdyr.

L. N. TOLSTOÝ.

* * *

Aýdýan zatlary bilen edýän işleri çapraz gelmeýän mugallym gowudyr.

Katon SENZOR.

Toplan:
Öwezdurdyýew Kerimberdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok