BMG-niň Çagalar gaznasynyň parlament agzalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek we dürli ugurlar boýunça çagalar hem ýaşlar üçin netijeleri gazanmak maksady bilen onlaýn görnüşde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahat Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýokary derejeli Sebitleýin maslahat hökmünde garalýar.
Sanly ulgam arkaly geçirilen bu maslahat ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebit bölümi tarapyndan guraldy. Bu çära birnäçe myhmanlar ýagny, Ýewropadan we Merkezi Aziýadan gelen parlament agzalary, ýaşlar we hukuk meseleleri boýunça BMG-niň hünärmenleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşanlar tutuş sebitdäki Parlament agzalarynyň özara gatnaşyklaryny has netijeli üpjün etmek üçin, sebitleýin hyzmatdaşlyk parlament platformasynyň kabul etmeli görnüşi barada pikir alyşdylar.
Bazarbaýewa Uzukjemal
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler