15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusyna bagyşlanan “Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Oňa medeniýet we sungat ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Artistler döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusyny uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjylar we şahyrlar milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanýandygyny nygtadylar.
Çykyş edenler täze eseriň, ilkinji nobatda, ýaş nesiller üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini bellediler.
Meşhur aýdymçylaryň Bitarap Diýarymyz barada ýerine ýetiren aýdymlary Mukamlar köşgünde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk ruhubelentligini has-da artdyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyna döredilen aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň hem-de döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň halk aýdym-saz ussatlary we meşhur estrada ýyldyzlary belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Teswirler