Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän, Merkezi Aziýanyň iri aýna öndürýän zawod bolan “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň goşmaça sehini gurmak meýilleşdirilýär. Bu seh bir günüň dowamynda 100 tonna aýna gaplary öndürmäge ukuply bolar. Täze desganyň taslamasy we gurluşygy üçin halkara tender Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan yglan edildi.
2018-nji ýylyň fewral aýynda işe girizilen kärhana Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrdy. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million inedördül metr reňkli aýna, 300 müň inedördül metr temperatura aýnasy, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýna we 400 müň inedördül metr izolýasiýa aýnasyndan ybaratdyr. Kärhana Germaniýadan, Belgiýadan, Awstriýadan, Italiýadan we Finlýandiýadan getirilen enjamlar bilen üpjün edilendir.
Baýramdurdyýew Seýitmyrat
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 4-nji ýyl talyby
Teswirler