Maglumat howpsuzlygy boýunça olimpiada geçirildi

Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda maglumat howpsuzlygy boýunça olimpiada geçirildi. Bu bäsleşik iki görnüşde geçirildi ýagny şahsy we toparlaýyn görnüşde. Ýaryşlaryň jeminde 4 ýeňiji we 20 talyp baýrakly oruna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Harby institutyň we Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, talyplary bu bäsleşikde tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Maglumat howpsuzlygy boýunça olimpiada talyplaryň bilim derejesine, bilimiň häzirki zaman sanlylaşdyrylmagy şertlerinde maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini ulanmak başarnyklaryna baha bermek üçin geçirildi.

Rejepow Ýusup Agamyradowiç

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok