Halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

15-nji dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I açyk halkara internet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, ýeňijilere diplomlar, şeýle hem minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

Açyk halkara internet bäsleşiginiň esasy maksady talyplaryň inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzeliklerdir döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşige daşary ýurtlaryň 12-sinden, ýagny Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 94-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Daýanç Mahmudow, Hangeldi Hümmedow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Atabaý Ýahşimuradow, Döwletmämmet Garaýew, Belarus milli tehniki uniwersitetiniň talyby Lew Mamonow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Seýran Amangeldiýew, Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Adel Ahmetzýanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Gadyr Porsyýew dagy 1-nji orna mynasyp boldy.

Ýurdumyzdan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, daşary ýurtlardan bolsa Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň, Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň, Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Al-Farabi adyndaky Gazagystanyň milli uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň  talyplary hem baýrakly orunlary eýelediler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok