ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu baradaky çözgüt, 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.
ÝUNESKO berlen hödürnama, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň sanawyny artdyrdy.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin gymmatly bolan dessurlar we özboluşly aýratynlyklaryň görnüşleri ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň bütindünýä sanawyna girizilýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamyndan bäri dutara uly hormat goýup türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplap gelýär.
Ýazmyrat ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler