Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Gutlagda Gazagystan Respublikasynyň bu döwür içinde dürli ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş-ynsanperwer ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara giňişlikde ynamly öňe gitmegi dowam edýändigini bellenilýär. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.
Teswirler