Berdimuhamedow Gazagystanyň ilkinji Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Gazagystanyň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belleýär.

“Biz ýakyn goňşymyzyň ýeten sepgitlerine begenýäris we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli kämilleşdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýip, milletiň Lideri Gutlagynda nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Nursultan Nazarbaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikler, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok