“Sosial media dismorfobiýasy” sanly döwrüň keseli

Sanly döwrüň kesellerinden biri bolan “Sosial media dismorfobiýa” keseli esasan 16-24 ýaş aralygyndaky ýaşlara we ýetginjeklere täsir edýär. “Iň oňat gözellik keseli” diýlip kesgitlenýän bu kesel, sosial mediadaky birnäçe täsir ediji faktlardan ugur alyp adamyň aýnadaky öz şekilini halamaýandygy we özünden kemçilikleri tapýandygy bilen düşündirilýär.

Bu kesel bilen kesellän ýaşlaryň we ýetginjekleriň esasy bildirýän aýratynlygy günde ortaça sosial mediýada 8 sagatdan gowrak wagt sarp etmek bolup durýar.

“Sanly döwrüň keseli”
– Internetde köp wagt geçirýän ýetginjekler sosial mediýada paýlaşýan suratlarynyň beýlekileriňkiden pesligi şübhesine gidýärler. Netijede bu ýetginjekleriň bedenini owadanlamak islegine sebäp bolýar. Öz düşen suratlaryny we daşky keşbini halamaýan ýetginjekler özleriniň “sosial media dismorfobiýa” diýilýän sanly kesele duçar bolandygyny özleri hem bilmeýär.

 Sosial media platformalarynda effekt berýän programmalary ulanyp alan suratlaryny paýlaşýanlaryň aýnadaky hakyky keşbini halaman başlaýan adamlar biraz wagt geçensoň, bu plastiki operasiýa arkaly ýüzlerini we bedenlerini üýtgetmek isleýärler. Geçirilen barlaglara görä, bu ýagdaýy ýeňip bilmeýän her dört adamdan biri öz janyna kast etmek hakda pikirlenip başlaýar. Kesele duçar bolan adamlar sosial mediýa has köp wagt sarp edip we sosial media bilen çuňňur baglanyşyk gurup bilmeýändikleri sebäpli, wirtual bilen hakykatyň arasyndaky tapawuda düşünmeýärler.

Bu negatiw ýagdaýy ýeňip bilmeýän adamlara hökman psihologiki goldaw bermeli!

Bahargül MUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok