Ýeňijiler yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň yglan eden fotosuratlar boýunça bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär. 
Bäsleşik iki ugurda, has dogrusy žurnalistika hünärine ýöriteleşen talyplar bir aýry, hünäri özge talyplar hem bir aýry seljerildi. 
Netijelere laýyklykda Baş baýragy DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby Gytja Atdaýewa eýelemegi başardy. 
Mundan başga-da, ýaňky ugurlar boýunça 10-dan köp talyplar yzygiderlikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýörite sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

Gylyç GURBANGYLYJOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok