Uglerody howadan çykarmagyň we uçar ýangyjyna öwürmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Uçaryň elektrik energiýasy bilen işlemegi baradaky ilkinji pikirler emele gelen hem bolsa, oňa entek köp ýyl bar. Gözlegçiler uçarlary has durnukly etmäge synanyşýarlar we muny amala aşyrmagyň iň oňat usullaryndan biri, sarp edýän ýangyjyny üýtgetmekdir. Oksford we Kembrij uniwersitetleriniň toparlary bu gazy atmosfera uglerod dioksidini (CO2) goýbermegiň ýerine bu gazy ele almak we ýangyç hökmünde ulanmak pikirine seretdiler.

Batareýa tehnologiýasynda uly üstünlikleri talap edýän elektrik uçarlaryny ýasamagyň ýerine, bu täze çemeleşme bilen planetamyza uglerod zyňyndysyny azaldyp biljek bir pikir ýüze çykdy.

Gözlegçiler, laboratoriýa gurşawynda CO2 gazyny gönüden-göni ele alyp, arzan gara katalizator ulanyp, reaktiw ýangyja öwürmek üçin işleri geçirdiler. Alnan ýangyjyň mukdary gaty az, ýöne gazylyp alynýan ýangyçlary howadan ýokary göwrümde alyp, energiýa öwrüp we ýeterlik uly netijelilik faktory bilen gaýtadan goýberip bolýan bolsa, uçar teoretiki taýdan ugleroddan bitarap uçup biler.

Adatça, gazylyp alynýan ýangyçlar ýakylanda, düzümindäki uglewodorodlar kömürturşy gazyna we suwa öwrülýär we energiýa berýär. Bu täze ulgam, biziň aýdýan tebigy prosesimizi tersleşdirýär.

Öwezmyrat GURBANMYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok