Melhemli hazar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmenistan melhemler mekany» atly ensiklopediki kitabynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglyklaryny berkitmekde bereketli türkmen topragynyň mineral çeşmeleriň hazynasydygyny belläp geçýär. Kitapda deňiz suwunyň, howasynyň, ösumlikleriniň, mineral suwlaryň, bejeriş palçyklarydyr beýleki himiki birleşmeleriň adam saglygyny goramaga gönükdiriljekdigini ylmy nukdaýnazardan esaslandyrylýar.

Hazar deňzi — Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, ýer gatlagynyň hanasynda okean görnüşli, dünýäde iň uly köldür. Hazar deňziniň suwy şordur. Wolga derýasynyň guýýan ýerinde 0,05 göterime, günorta-gündogarda bolsa 11-13 göterime deňdir. Hazar deňzine 130 derýa öz suwuny guýýar. Bu deňze guýýan iň uly derýa Wolgadyr.

Hazar deňziniň çägeli kenarynda mineral suwlaryň, bejeriş palçyklaryň bolmagy onuň ýakasynda dynç we bejergi almaga amatly şertleri döredýär. Häziki wagtda her ýylda Hazar deňzi Garabogaz kölüne 8-10 kilometr kub suw we takmynan 150 müň tonna duzy guýýar. Şol duzlary adamyň saglygyny berkitmekde ulanmaklyk ähmiýetlidir.

Lukmançylykda ulanylýan duzlaryň gazylyp alynýan ýataklary deňiz duzuny we bişofiti öndürýän derman senagaty üçin birnäçe birleşmeleriň we elementleriň çeşmesi bolup durýar. Hloridli deňiz suwundan ilki bilen eremesi kyn bolan duzlar: kalsit we gips, soňra erginleriň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagy netijesinde gips bilen birlikde galit suwuň düýbüne çökýär. Suwuň yzygiderli bugarmagy sulfatlaryň galyndylary bolan mirabiliti gyşda deňziň gomlary aýlagyň ýapgyt kenarlaryna zyňýar, tomusda ony siňdirýän suw bugarýar we mirabilit tomsuň ahyrlarynda ýygnalýan tenardite, poligalite öwrülýär.

Bişofit tebigy mineral bolup, düzümi boýunça brom-hloridli-magnili, minerallaşmasy 400-450 g/l bolan, turşy gurşawly täsirli, düzüminde 70-e golaý himiki elementleriň: brom, bor, ýod, mis, demir, kaliý, kalsiý, molibden, titan, kremniý, litiý we beýlekileriň birleşmelerini saklaýan şerebedir. Ol esasy daýanç-herekete getiriş we perferiki nerw ulgamynyň dowamly kesellerinde, gaýnaglama garşy we agyry aýryjy serişde hökmünde ulanylýar.

Çaryýewa Orazjemal

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok