Dünýä togalak bolmadyk bolsa näme bolardy?!

Müňlerçe ýyl mundan ozal adamzat planetalary we gün ulgamyny öwrenip, ýer hakda ajaýyp maglumatlary öwrenmegi başardy. Miladydan öň dünýäni togalak diýýän ilkinji adam 500-nji ýyllarda Pifagordy. Pifagor, Aýyň şekilini uzak wagtlap synlamak bilen alnan maglumatlara görä dünýäniň togalakdygyna düşündi.

1632-nji ýylda teleskopy oýlap tapan alym hökmünde tanalýan Galileo “Dünýä aýlanýar” diýip belläp geçdi. Şol ýyllarda dünýäniň togalakdygyny we onuň aýlanýandygyny hiç kim kabul etmedi. Ýer tekiz hasaplanýar. Ýöne ýer tekiz bolsa, pasyllar näme üçin üýtgeýär? Bu soragy özlerine berip gören alymlar ahyrsoňy ýeriň togalakdygyny subut etmegi başardylar. Eger-de dünýä togalak bolmadyk bolsa näme bolardy?

Bu soragyň ylmy jogaplary:

  • Agyrlyk güýji biziň bilşimizden tapawutly bolardy;
  • Agaçlar diagonally öserdi;
  • Pasyllar tutuş planetada birmeňzeş bolardy;
  • Emeli hemralar bolmazdy.
  • Kölegeler bütin dünýäde birmeňzeş uzynlyk bolardy;
  • Elmydama şol bir zady dürli ýerlerden we beýikliklerden görerdik;
  • Ýagyş bir gapdallaýyn ýagardy;
  • Okeanlardaky we derýalardaky suw Ýeriň merkezinde ýygnanardy;
  • Bir ýerden başga ýere syýahat etmek gaty köp wagt alardy;

Leýli MÄMMETORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok