“Ýewro” pul birliginiň dizaýny täzelenýär: 2 ýewro tanyşdyryldy

Ýewropa Merkezi Bankynyň 20 ýyl bäri dolanşykda gelýän ýewro banknotlarynyň dizaýnlary üýtgedilýär. Bileleşigiň başlyklyk möhletini almaga taýýarlyk görýän Fransiýa, 1-nji ýanwarda dolanyşyga garaşylýan 2 ýewro teňňäniň täze dizaýnyny hödürledi.

1-nji ýanwardan başlap, Fransiýa 6 aýlap Ýewropa Bileleşiginiň başlyklygyny kabul eder. Bu sene, bileleşigiň ýeke-täk walýuta hökmünde ýewra geçişiniň 20 ýyllygyna gabat gelýär.

20-nji ýylda ýewronyň teňňeleri we banknotlary üçin täze dizaýnlar kesgitlenende, iki ýewro teňňe üçin ilkinji dizaýn hödürlenildi. Fransiýanyň taryhynyň nyşanlaryny öz içinde jemleýän 30 million 2 ýewro teňňe dolanyşyga giriziler.

Jumaniýazowa Göwher

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok