“OPEK” gaznasy Türkmenistana $45 mln bölüp berer

“OPEK” halkara ösüş gaznasy tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi meýilleşdirýär. Bu barada degişli çözgüde gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.

“OPEK” halkara ösüş gaznasy täze maliýeleşdirmek başlangyjy 10 döwlete berer. Şol döwletleriň arasynda Türkmenistan hem bar. Gazna ýurdumyzyň “Söwda deňiz floty” taslamasy üçin 45 million dollar möçberinde karz maliýe serişdelerini bölüp berer. 

Bölünip beriljek karz maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda demirýol, ýolagçy we gury ýükleri daşamak üçin 3 sany täze gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de şol bir wagtda gämi gurluşyk we abatlamak boýunça işgärleriň okadylmagy arkaly tehnologiýanyň hem berilmegi hem göz öňünde tutulýar. Taslama söwda-ykdysady işjeňligi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem täze uçurymlar üçin iş orunlarynyň döremegine kömek eder.

Myrat SÖÝÜNHANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok