Bitarap mekan

Öz Watanyň Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna, berkararlyk kuwwatyna, il-ýurt abadançylygyna, rowaçlygyna, toý-baýramly günlerde guwanmak nähili buýsançly! Diýarymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlyklarymyzdyr. Häzir olaryň nurly alamatlary biziň durmuşymyza bagtyýarlyk nuruny çaýdy. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk bize  hoşniýetli, watansöýüji halkymyza parahat, asuda durmuşy berdi. Bu günki günde agzybir ilimiziň kalbynda  Watanyna bolan buýsanjy aýdyň görüp bolýar.

Şan-şöhraty  artyp, at-owazy barha dabaralanýan ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze ösüşlere eýe bolýar. Bu belent ösüşler eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryna, halkymyza, ýurdumyza bolan çäksiz söýgüsine beslenendir. Eziz Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar ähli raýatlarymyz üçin juda buýsandyrjydyr.

Biz Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer daşary we içeri syýasaty bilen täze taryhy şertlerde bütin dünýäde meşhurlyk gazanýandygyna tüýs ýürekden guwanýarys.

Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok