11-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip Jenap Husraw Noziri Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan halkara ähmiýetli forumyň uly üstünliklere beslenmegi bilen gutlady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, sebitara we halkara guramalar, şol sanda YHG bilen giň hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň şu ýylda bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-ä gatnaşyjy döwletleriň arasynda netijeli sebitara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi şertlendirýän ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we onuň esasy tapgyrlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, şol sanda YHG-nyň 15-nji sammitinde beýan eden we sebitara, halkara ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de derwaýysdygy bellenildi.
Şeýle hem sebit üçin birnäçe möhüm ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, senagat pudaklarynda, täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum babatda köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy netijeli gatnaşyklary ösdürmäge we ony täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga yzygiderli goldaw berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, tutuş adamzadyň Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatyny we onuň öňe sürýän wajyp halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtady. Bu gezekki forumyň ähmiýetini belläp, jenap Husraw Noziri onuň özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini belledi we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Teswirler