Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory arasynda duşuşyk geçirildi

Şu ýylyň 9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Bu geçirilen duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar, hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Astrahan welaýatynyň gubernatory bu saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  orunbasary, Daşary işler ministri Reşit Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň arasynda syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikir alyşdylar. Mundan başga-da söwda, gurluşyk, nebit-himiýa senagaty, gämi gurluşygy we deňiz logistikasy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ähmiýetliligi bellenip geçildi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň, ýükleri daşamak amallarynyň  we beýleki pudaklarda ykdysady görkezijileri oňyn depgine ýetendigi barada bellenip geçildi. Türkmenistanyň hem-de Astrahanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy barada agzalyp geçildi. Şeýle hem, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalary işleýändigi nygtalyp geçildi.  Mundan başga-da iki ýurduň sebitleriniň portlar boýunça özara hereketleriniň hem oňyn netijesiniň bardygyny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň “Olýa” deňiz portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawlarynyň durmuşa geçirilmegi barada aýtdylar.

Astrahan welaýatynyň gubernatory Türkmenistanda iri forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny aýtdy we onuň netijesi boýunça döwletara hem-de sebitara gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän oňyn çözgütleriň kabul edilýändigini belläp geçdi.

Bu duşuşykda koronawirus keseli barada hem agzalman geçilmedi, gubernator Türkmenistanyň bu sebite kesele garşy göreşmekdäki ynsanperwer kömegi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.

Şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýew Astrahanda, bu welaýatyň gubernatory Igor Babuşkin bilen iş duşuşygyny geçirdi. Bu bolsa sebitara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşýandygynyň ýene bir subutnamasy bolup durýar.

.   

Şamyrat AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok