Türkmenistanda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde 10-njy dekabrda bellenilýän Halkara adam hukuklary gününe bagyşlap yglan eden makala bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.
Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplary şu mowzuklar boýunça çykyş etdiler:
– adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny;
– adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary;
– adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy;
– adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi bilen bagly boldy.
Bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, şeýle-de BMGÖM-niň wekillerinden düzülen eminler topary mynasyp baha berdiler.
Netijede, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Aýbölek Amangeldiýewa birinji, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Çary Rahmanow, şeýle-de şol ýokary okuw mekdebiň talyby Diýar Yhtyýarow birinji, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ogulbibi Mämmetgurbanow, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Hatyja Döwletnazarowa ikinji, şol ýokary okuw mekdebiň talyplary Jahan Öräýewa bilen Töfe Hoşanowa üçünji orna mynasyp boldular.
Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Serdar Jepbarow bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Aýjan Mätiýewa dagy höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.
Her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän Halkara adam hukuklary güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Mahmyt Amanmyradow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
Teswirler