Daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýeti

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, döwrüň döwrebap global ösüşinden baş çykarýan, ussat hünärmenleri kemala getirmeklik üçin, şu günki ýaşlara, hünärmenlere halkara daşary ýurt dillerini suwara öwretmekligiň usulyýetini kämilleşdirmeklik ilkinji zerurlyk bolup durýar. Bu babatda, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly parasatly syýasaty netijesinde kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy üç tapgyrda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ylym-bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler, ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli syýasatynyň iň derwaýyslarynyň biridir. Bilim ulgamyndaky öňe sürülýän meseleleriniň biri-de, ýaşlarymyzyň dil öwrenmek meselesidir. Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler çuňdan öwrenilýär.

Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden we şertlerinden ýerlikli peýdalanmaklyk üçin ilkinji nobatda «Halkara dili» diýlip ykrar edilen daşary ýurt dillerini öwrenmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Çünki, daşary ýurt dillerini suwara öwrenen ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen döwletimiziň bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän uzak aralykdan sapaklaryň, wideoşekilli maslahatlaryň esasynda hünär taýdan kämilleşmäge mümkinçilik alýarlar.

Gülsoltan ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok