Witaminleriň («wite» diýen latyn sözünden terjime edilende «ýaşaýyş» diýmegi aňladýar) ynsan saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny lki bolup XVIII asyrda rus alymy N.I.Lunin aýdypdyr. 1912-nji ýylda polýak alymy Kazimerž Funk bu maddalaryň häsiýetini doly beýan edipdir. Olaryň dürli mal we ösümlik önümlerinde saklanýandygyna adamzadyň ünsüni çekipdir.
Biz witaminleriň birini iýmit,derman serişdeleri arkaly kabul edýäris. Beýlekisi biziň bedenimizde sintezlenýär (ýönekeý elementleriň birleşmeginden çylşyrymly himiki maddanyň emele gelmegi). Islendik ýagdaýda-da witaminler bedende uzak wagtlap saklanmaýar. Suwda ereýän witaminler (ýagda ereýän A, D, E, F, K witaminlerinden başgasy) suw arkaly endamdan tiz çykarylýar. Gök önümleridir miweleri 1 günüň dowamynda näçe köp iýseň-de, bedeni olaryň düzümindäki B₁ witamini bilen bary-ýogy 3-4 günläp üpjün edip bolýar. Bedende 2-6 hepdeläp saklanýan witaminlerem bar. Bagyrda, deriasty ýagdaýda toplanýan A, D, E, F, K witaminler hem 2-2,5 aýyň dowamynda sarp edilýär. Şonuň üçin bedendäki dürli witaminleriň üstüni tabletka görnüşli witaminler hem-de azyk önümleriniň düzümindäki witaminler bilen ýetirip durmak zerur bolýar.
DERMANMY ÝA-DA IÝMIT?
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, soňky onýyllyklarda azyk önümleriniň aglabasynyň iýmit dykyzlygy 2 essä çenli peseldi. Olaryň düzümindäki witaminlerdir mikroelementler azaldy. Olaryň hem köp bölegi daşalanda, saklananda düzümindäki witaminleriň 30%-ni, otag temperaturasynda 50%-ni, bişirilende 90%-ni ýitirýär. Galyberse-de, gök önümlerdir miweleriň peýdasy diňe miweleýän, hasyl berýän paslynda iýilende bildirýär. Dermanlary bolsa ýylyň möwsümine seretmezden, islendik wagtda ulanyp bolýar. Olaryň ulanyş möhleti gabynda görkezýär.
SINTETIKI WITAMINLERIŇ TEBIGY WITAMINLERDEN ÝENE-DE BIRNÄÇE ARTYKMAÇLYGY BARDYR:
● Tabletkalar plasebonyň (täze dermanyň täsirini barlamak üçin ulanylýan aldawaç «derman») täsirine eýedir. Syrkaw onuň peýda edýändigine ynananda hem haýry degýär.
● C witamini köp mukdarda kabul edilende sowuklamanyň ilkinji alamatlary çalt aýrylýar, immunitet pugtalanýar. Munuň özi ýiti respirator keselleriň öňüni almaga itergi berýär.
● Sintetiki dermanlarda witaminlerden başga minerallar hem bolýar. Poliwitaminleri öndürijiler olaryň özara utgaşmalary göz öňünde tutýar. Şonuň üçin tabletka, kapsula görnüşindäki witaminler çalt özleşýär we has köpräk peýda edýär.
● Ýagda ereýän A, E, D, F, K witaminleri we B witaminler toparyna girýän käbir witaminler ýokary kaloriýaly azyk önümleriniň: bagryň, etiň, böwregiň, ýumurtganyň, süýdüň, ýagyň, ýarmalaryň düzüminde saklanýar. Olary köp iýeniňde bedende artykmaç ýag toplanýar, adam örän semreýär.
SINTETIKI WITAMINLERIŇ ZYÝANLY TARAPLARY HEM BAR:
● poliwitaminleriň iýmit siňdiriş agzalaryna täsiri doly öwrenilmedik. Galyberse-de, witamin toplumlarynyň içegäniň we süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýandygy çak edilýär;
● iýmit arkaly tebigy witaminleri kabul etmek endigi adama islän önümini islän wagtynda iýip-içmäge mümkinçilik berýär. Sintetiki maddalardan «düzülen» witaminler peýdalanylanda bu tebigy hadysa bozulýar. Netijede maddalaryň alyş-çalşy (metabolizm) peselýär;
● witamin toplumlarynyň köpüsinde şepbik we beýleki nebit önümleri saklanýar. Şonuň üçin olaryň allergiýa döretmegi mümkindir.
GIPERWITAMINOZ
Bedende witaminler ýetmezçilik edende «witaminoz» (ähli witaminleriň ýetmezçiligi) ýa-da gipowitaminoz (belli-belli witaminleriň ýetmezçiligi), witaminler gereginden artyk ulanylanda bolsa giperwitaminoz (witaminleriň artykmaçlygy) keseli döreýär. Giperwitaminoz aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlendirilýär:
● aşa köp hereketjeňlik, ukusyzlyk, ynjyklyk, howsalaçylyk;
● deriniň öçügsi sary reňke eýe bolmagy, dabanlaryň, aýalaryň derisiniň ýarylmagy;
● işdäniň ýitirilmegi (anoreksiýa), iýmitiň siňmeginiň kynlaşmagy, gusma, horlanma;
● teşnelik,agzyň guramagy, bedeniň suwsuzlanmagy (D witamininiň artykmaçlygynda);
● ýadawlyk, kelleagyry, myşsalaryň gowşamagy, agyra ýokary duýgurlyk (A witamininiň artykmaçlygynda);
● arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi (E witamininiň artykmaçlygynda);
● görşüň bozulmagy, üşütme, dem alşyň bozulmagy (B₁ witamininiň artykmaçlygynda).
.
Dawut NAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler