Ýapon alymlary garrylyga sebäp bolýan öýjükler üçin täze sanjym oýlap tapdylar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde ýerleşýän Juntendo uniwersitetiniň ýürek-damar lukmançylygy boýunça professory.  Dr.Minamino Torunyň ýolbaşçylygyndaky bilermenler topary garrylyga sebäp bolýan öýjüklere garşy sanjym taýýarladylar.

Täze tapylan sanjym syçanlarda synag edildi. Bu sanjym syçanlara edileninden soň olardaky ýygyrtlara sebäp bolýan öýjükleriň wagtyň geçmegi bilen azalandygy ýüze çykarylypdyr.

Täze sanjym barada Minamino Toru: “Sanjymy diabet, ateroskleroz, alsgeýmer, dyz osteoartriti, öýken fibrozy we garrylyk bilen baglanyşykly beýleki kesellere garşy ulanyp bolýar” – diýip belläp geçdi. Alymlaryň bu täze gözlegleriniň netijeleri “Nature Aging”  žurnalynda çap edildi.

Çynar BABAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok