Türkmenistan – Bitarap mekan

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakda Rezolýusiýa kabul edilipdi. Maslahatda BMG-niň şol wagtky agzalary bolan 185 döwlet Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini biragyzdan ykrar edipdi. Bu ýagdaý halkara syýasatynda täze bir sahypanyň, täze bir ýoluň we täze ugruň dörändigini buşlady. Bu biziň ýurdumyz üçin uly taryhy ýagdaý bolup, döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda gazanan uly syýasy üstünlikleriniň biridir. Ýeri gelende bir zady aýratyn bellemeli: hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan ilkinji döwlet Türkmenistandyr.

Eýsem, Bitaraplyk näme? Bitaraplyk, dawa-jenjellere goşulyşmazlyk, tarap çalmazlyk, asudalyk we ýurduň ykdysady hem syýasy taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňemegine, hoşniýetli dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha ynamly ýola goýulmagyna itergi bermekdir. Ýöne manysy babatda gerimi giň Bitaraplygyň nämedigine doly düşünmek üçin şu sanalanlar bilen kanagatlanmak bolmaz. Bitarap döwlet bolanymyz bäri biziň dostluk-doganlyk gerimimiz giňedi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, daşary döwletleriň medeni günleri, daşary döwletlerde türkmen medeniýet günleri yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletara gatnaşyklarynda deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we başga döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy BMG-niň resminamasynda kesgitlenişi ýaly, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär.

Şeýle şanly wakadan bäri 25 ýyl geçdi, we häzir bolsa ýurdumyz Bitaraplygyň 26 ýylyny ulydan bellemäge taýýarlyk görýär. Göräýmäge sanalgy ýyl geçenem bolsa ol ýyllaryň içinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli ençeme işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halkara syýasaty ösüşiň belent derejesine ýetdi. Döwletler bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň gerimi giňedi. Türkmenistan içeri we daşary syýasatynda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Ol ylalaşdyryjy merkeze we ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi. Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraýy bolsa barha artýar. Biziň ýurdumyz bagtyýarlygyň we agzybirligiň mekany hökmünde adygýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazarda tutýan, çuň manyly, sagdyn pikirlere ýugrulan we umumadamzat ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň, abadançylygyň has-da berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanmagyna ýardam berýär.

Ähmiýeti, zerurlygy babatda beýleki şatlykly pursatlardan tapawutlanýan Bitaraplygy alan günümiz taryhyň sahypalaryna ýazyldy. Halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine ýetirýär we däp bolşy ýaly şol güni baýram edip belleýär. Her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda Bitaraplyk baýramy uludan bellenilip geçilýär. Bu biziň halkymyz we döwletimiz üçin Bitaraplygyň mukaddesdigini görkezýär.

.

Sülgün NEPESOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok