Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 338 raýatyň günäsi geçildi

10-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsini geçmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini belledi.

Döwlet Baştutany iş kesilen 338 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok