Bitaraplyk köňülleriň buýsanjy

“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata watanymyz Türkmenistan bedew bady bilen aýdyň geljegi nazarlap, öňe barýar. Mälim bolşy ýaly, ata watanymyz Türkmenistan Parahat söýüjiligiň watany hökmünde, diňe bir sebitde däl eýsem dünýäde giňden äşgär edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň iki mizemez ganaty bolup, onuň biri hemişelik bitaraplygymyz bolsa, ikinji ganaty biziň mizemez Garaşsyzlygymyz bolup durýar.

Türkmen halky parahat söýüjilik we dost-doganlyk duýgularyny özüne mukaddes duýgular hasaplaýar. Asyrlar boýy ata –babalarymyzyň arzuwlap gelen bitaraplygy bu gün dillerde sena, ýüreklerde buýsanç duýgusy bolup ýaňlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz 1991 -nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň esasynda, 185 wekilçilik edýän döwletleriniň goldamagy esasynda ata watanymyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini aldy. 2015 –nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Milletler Bileleşigi Garaşsyz Watanymyzyň bu hukuk ýagdaýyny ýene bir gezek tassyklady. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly milli däp dessurlary özünde jemleýän watanymyzyň hemişelik bitaraplygyny gazanmagy ilkinji we iň esasy ýeňişlerimiziň biri bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ata Watanymyz häzirki wagtda Birleşen milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly ençeme abraýly guramalaryň agzasy bolup durýar. Bu bolsa Türkmen halkynyň Parahatçylyga, Dost-doganlyga we ynsanperwer gatnaşyga uly sarpa goýýanlygyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Allanur RAHYMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok